News and events

Türkmenistanda süýji-köke önümçiligi importuň ornuny doly tutmaga ýakyn


Card image cap

18.02.2022

Türkmenistanda süýji-köke önümçiligi importuň ornuny doly tutmaga ýakyn

11-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda süýji-köke önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işlenilip taýýarlanylýan taslamalar barada hasabat berip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilmeginiň ýerini tutmak maksadynda önümçilik kärhanalaryny gurmak üçin görülýän çäreler babatda aýtdy. 2018-nji ýylda ýurdumyzda jemi 38 müň 324 tonna süýji-köke önümleri öndürilip, şolaryň 30 müň 423 tonnasy hususy kärhanalar tarapyndan çykaryldy. «Hasar”, “Oguzhan”, “Bars”, “Täze aý”, “Nygmat” ýaly meşhurlyk gazanan haryt belgili önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. 2018-nji ýylda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleriniň möçberi iki essä golaý azaldy. TSTB-niň agzalarynyň teklipleri şokolad önümleriniň, undan taýýarlanylýan süýji-köke önümleriniň we beýlekileriň görnüşlerini giňeltmäge degişlidir. Hususan-da, munuň üçin Ahal welaýatynda üç sany kärhanany gurmak, şeýle hem ozalky işläp gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täze kuwwatlyklary ulanmaga girizmek teklip edilýär. Hususy we karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak maksat edinilýän bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýylda 13 müň 800 tonna köpeler, artykmaç bölegini bolsa eksport etmek göz öňünde tutulýar. Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyryljak täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi bilen goşmaça iş orunlary dörediler. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamynda telekeçiligiň barha artýan ornuny belläp, türkmen işewürliginiň marketing strategiýasynda seljeriş işlerini alyp baryjy düzümleriň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz süýji-köke öndürjek täze kärhanalary gurmak boýunça teklip edilen taslamalary ýurdumyzda satyn alyjylyk islegini we daşarky bazaryň islegini nazara alyp, ýene-de bir gezek içgin işlemegi hem-de önümleriň bu görnüşini ýerlemegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy.

Recent post

Card image cap

Balam launches new campaign to acknowledge farmers

17.02.2022

Card image cap

«Balam» hususy kärhanasynyň önümleri Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly halkara azyk senagaty sergisinde görkezilýär

18.02.2022

Card image cap

Türkmenistanda süýji-köke önümçiligi importuň ornuny doly tutmaga ýakyn

18.02.2022