Habarlar we wakalar

«Balam» hususy kärhanasynyň önümleri Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly halkara azyk senagaty sergisinde görkezilýär


Card image cap

18.02.2022

«Balam» hususy kärhanasynyň önümleri Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly halkara azyk senagaty sergisinde görkezilýär

«Balam» hususy kärhanasy şu gün Almaty şäheriniň «Atekent» sergi merkezinde açylan Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar. «Balam» hususy kärhanasynyň önümleri Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisiniň «Çörek we konditer önümleri» bölüminiň 11-nji sergi bölümçesinde görkezilýär. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda esaslandyrlan «Balam» hususy kärhanasy önümçilik işine ilkibada tortuň 5 sany görnüşini öndürmeklik bilen başlady. Häzirki wagtda bu kärhanada 140-a golaý konditer önümleri, 80-e golaý bolsa gatlakly önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Öz önümlerini daşary ýurt bazarlaryna eksport etmegi maksat edinýän «Balam» hususy kärhanasy dünýäniň 36 döwletinden 456 kompaniýanyň gatnaşmagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisinde Türkmenistana wekilçilik edýär. Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisine hödürlenýän önümler şu aşakdaky bölümler boýunça görkezilýär • «Azyk we içgi önümleri» bölümi; • «Enjamlar» bölümi • «Tehnologiýa» bölümi • «Çörek we konditer önümleri» bölümi Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisiniň öz işini dowam edýän günlerinde «AgroWorld Qazaqstan 2021» atly oba hojalyk sergisi bilen «Qazpack 2021» atly gaplama we nyşanlar pudagynda ýöriteleşdirilen sergi hem geçiriler. Maksatnama laýyklykda, Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisiniň çäginde oba hojalygy forumy, «Çörek we konditer önümleri» babatda işewürlik platformasy, tagam bäsleşigi, bölek satuw söwda ulgamlarynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy dükanlarynyň tekjelerine önüm ibermek barada göni gepleşikler üçin platforma guralar. Uly göwrümli forum 5-nji noýabra çenli dowam eder. Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly 23-nji halkara azyk senagaty sergisiniň resmi web sahypasyndan bu halkara sergisiniň işi barada has giňişleýin maglumaty tapyp bilersiňiz.

Soňkylar

Card image cap

Balam daýhanlary ykrar etmek üçin täze kampaniýa başlaýar

17.02.2022

Card image cap

«Balam» hususy kärhanasynyň önümleri Merkezi Aziýanyň «FoodExpo Qazaqstan 2021» atly halkara azyk senagaty sergisinde görkezilýär

18.02.2022

Card image cap

Türkmenistanda süýji-köke önümçiligi importuň ornuny doly tutmaga ýakyn

18.02.2022